DEV Community

Tm Programmer
Tm Programmer

Posted on

Programirleme Nireden Başlamaly?

Programirleme öwreniň, çünki bu size nähili pikirlenmegiňizi öwreder — STEVE JOBS

Programmist bolmak — belki 21-nji asyryň iň populýar hünärlerinden biridir.

Bu hünäri populýar eden iň uly sebäp -> ýokary okuw okanam hem bu işi edip bilmek we ýokary derejeli aýlykdyr.

Programirleme Öwrenmäge Nireden Başlamaly?

Programirleme başlamazdan öň özüňize şu soragy soraň: “Men näme üçin programirleme öwrenmek isleýärin?”

  1. Hünär edinmek üçin. Eger siz programirleme ugrundan ýokary okuw okamadyk bolsaňyz, belli programirleme dillerini öwrenip başlamaly. Meselem: Javascript, python, dart, kotlin. Çünki bu ugurlarda iş tapmak beýleki ugurlara garanyňda aňsat bolup biler.

  2. Gyzyklanma/hobi üçin. Eger android programa düzmäge (java programirleme dili)/ web saýt düzmäge (javascript programirleme dili)/ oýun düzmäge (C++ ýa-da C# programirleme dili) höwesiňiz bar bolsa, olar barada gysgaça gözleg edip gerekli maglumatlary tapyp bilersiňiz.

  3. Akademiýa üçin. Eger programirlemegi akademiýa derejesinde öwrenmek isleseniz C, C++, python ýaly dillerden başlamaly. Bu diller size programirlemegiň manysyny, funksiýalaryny we akademiýa gerekli ähli zady öwreder.

Ýokardaky soraga jogap bereniňizden soň öz ugruňyzy saýlap bilersiniz!

Eger bu ýazgy size peýdaly bolan bolsa like basmagy we teswirlerde öz pikiriňizi ýazmagy unutmaň!

Top comments (0)