DEV Community

Tm Programmer
Tm Programmer

Posted on

Programirleme nireden öwrenmeli? Programirleme öwredýän programmalar

Programirleme nireden öwrenmeli? Programirleme öwredýän programmalar

Programirleme — algoritme öwrülen pikirlerdir (idealardyr) — The Social Dilemma

Gün geçdikçe programirleme popülerleşýär. We programirleme öwrenmek hem aňsatlaşýar. Geliň öwreneliň haýsy mobil programmalar bilen programirleme öwrenip bolýanlygyny.

Sololearn — Learn to Code!

Sololearn — programirleme öwredýän mobil programmalardan birisi. Programmada birnäçe programirleme dili we programirleme sapaklaryny ýazgyly görnüşinde tapyp bilersiňiz.

Programmanyň beýlekilerden aýratynlygy:

Modern programirleme sapaklarynyň bolmagy (emeli akyl, API düzmek, web saýt düzmek).
1 sapakda müňlerçe teswir bolany üçin öz soraglaryňyzyň jogabyny tapyp bilersiňiz ýa-da soraglaryňyzy sorap tiz wagtda jogabyny hem alyp bilersiňiz.
Her bölümi gutarndan soň size sertifikat berilmegi.
Sololearn programmasynyň içinde öz kodlaryňyzy ýazyp bilmegiňiz (ýagny programmanyň öz IDE-si bar).

Bu programmany ulanyp programirleme öwreniň we öz pikirleriňizi teswirlerde paýlaşyň.

Mimo: The coding app you need to learn to code!

Mimo — size web saýt döretmäge we onuň programirlemesini öwretmäge üns beren programmalardan birisidir. Öz saýtynda şu maglumat bar → “6 aý içinde web programirlemegi öwreniň we iş ediniň”.

Bu programmanyň has gowy öwretýänligini birnäçe kompaniýa aýtdy → Gizmodo, The New York Times, The Washington Post…

Siz programirleme öwrenen wagtyňyz Mimo size birnäçe höwes berýän sözleri öňüňize çykarýar.

Bu programmany ulanyp programirleme öwreniň we öz pikirleriňizi teswirlerde paýlaşyň.

Grasshopper — Super-charge your coding skills!

Grasshopper — puzzle düzmek şeklinde öwredýär. Eger puzzle düzmegi halaýan bolsaňyz, bu programma siziň üçindir. Bu programmanyň aýratynlygy → hem size kod ýazmagy öwredýär, hem programirlemäniň esaslaryny öwredýär, hem algoritmanyň esaslaryny öwredýär, hem-de size birnäçe maslahat berýär kod ýazmak hakynda. Bu programmanyň maksady → sizi tiz wagtda programirleme başlatmakdyr.

Bu programmany ulanyp programirleme öwreniň we öz pikirleriňizi teswirlerde paýlaşyň.

Programming Hub — Learn Programming, Coding Online

Programming Hub — iň populýar programmalardan birisidir. Forbes we Google tarapyndan programirlemegi iň gowy öwredýän programma saýlandy. Bu programmada has peýdaly kurslar bar. Android programma düzmekden hacker bolmaga çenli.

Google, Facebook, Instagram, Product Hunt kompaniýalary programirleme öwrenmek isleýänlere bu programmany maslahat berýär.

Öz saýtynda şu maglumaty ýazypdyr programirleme öwrenmegiň täze usuly.

Programing Hub — bir programirleme dilini öwrenip başlanyňyzda o programirleme diliniň taryhyny we o programirleme dili näme üçin ulanylýandygyny hem ýazyp geçýär.

Bu programmany ulanyp programirleme öwreniň we öz pikirleriňizi teswirlerde paýlaşyň.

Scratch — Imagine, Program, Share

Scratch — dünýäniň tehnologiýa boýunça iň gowy bilim berýän uniwestedi bolan Massachusetts Institute of Technology tarapyndan düzüldi. 4–16 ýaş aralygyndaky çagalar üçindir. Programirlemegi has aňsat öwredýär. Siz diňe pikirlenip, pikiriňize görä bloklary ýerleşdirmeli we programmany işletmeli.

Bu programmany ulanyp programirleme öwreniň we öz pikirleriňizi teswirlerde paýlaşyň.

Programming Hero — Coding Fun

Programming Hero — programirleme öwretmek boýunça döredilen iň proffesional programmalardan birisidir. Birnäçe tehnologiýa kompaniýasy we startup bilen birlikde işleýärler.

Saýtynda şu maglumat bar Eger Programming Herodan programirleme sapaklary alsaňyz, %70 ähtimallylykda iş tapyp bilersiňiz. Sebäbi biz halkara kompaniýalar bilen birlikde işleýäris. 1 million adam bu programmadan programirleme sapaklaryny alýar.

Bu programmany ulanyp programirleme öwreniň we öz pikirleriňizi teswirlerde paýlaşyň.

Enki — Learn programming with AI powered learning system!

Emeli akyl bilen güýçlendirlen bu programma size programirlemegi we tehnologiýany aňsat öwreder. Programirleme öwretmek boýunça birnäçe baýraklary bardyr.

Bu programmadan programirleme öwreneniňizde emeli akyl size akylly maslahatlar berer.

Bu programmany ulanyp programirleme öwreniň we öz pikirleriňizi teswirlerde paýlaşyň.

Top comments (0)