DEV Community

Tm Programmer
Tm Programmer

Posted on

Näme Üçin Python Öwrenmeli?

Näme Üçin Python Öwrenmeli?

Programirleme öwreniň, çünki bu size nähili pikirlenmegiňizi öwreder — STEVE JOBS

Python — öwrenilmegi has aňsat, ýokary derejeli programirleme dilidir. Python dilini öwrenip nämeler edip bolar? Ýagny näme üçin python öwrenmeli?

Web Programmalary Döretmek

Pythonuň Django atly taýýar kod pakedi bize web programlary döretmegi aňsat hala getirýär.

Web saýt görnüşinde işleýän sosýal medýa programmasy pikirleniň -> Meselem: Youtube. Django bilen youtube algoritmini döretmek aňsat.

Log in, Sign up, cookie, bir web saýta gireniňizde sizi tanamagy, maglumatlar bazasyndan maglumat almagy, maglumat ýazmagy we muňa meňzeş işleriň hemmesini django bilen taýynlamak mümkin.

Django ulanýan tehnologiýa kompaniýalar: Youtube, Instagram, Spotify, Pinterest, Mozilla, NASA, Google…

Eger django gowy derejede öwrenseňiz -> Amerikada ýyllyk 100$ müň dollar, Ýewropada 45 müň ýewro, Aziýada 20–30 müň dollar gazanyp bilersiňiz.

Emeli Akyl Programmalaryny Döretmek

Soňky döwürde iň ösen programirleme ugurlaryndan birisi — emeli akyl döretmek.

Emeli akyl döretmek üçin iň köp ulanylýan programirleme dili pythondur.

Opencv taýýar kod pakedi bilen kamerada görünýän obýektleri tanap bilýär. Ýagny öz-özi sürülýän awtoulaglary programirlemek üçin python ulanylýar.
Scikit-learn taýýar kod pakedini ulanyp kompýutere birnäçe maglumat berip, ony çözmegini isleýäňiz.

Pythony emeli akyl döretmek üçin ulanýan tehnologiýa kompaniýalar: Google, Netflix, IBM, NASA, Spotify.

Eger python bilen emeli akyl döretmegi gowy derejede öwrenseňiz -> Amerikada ýyllyk 130$ müň dollar, Ýewropada 53 müň ýewro, Aziýada 35–45 müň dollar gazanyp bilersiňiz.

Python Bilen Bot Döretmek

Pythonda bot döretmek has aňsat. Selenium ýada birnäçe taýýar kod pakedini ulanyp 10–20 setirde bot döredip we işledip bilersiňiz.

Python Bilen Blockchain Sistemasy Döretmek

Python blockchain sistemalary döretmek üçin hem ulanylýar. IPython, eth_utils, web3.py ýaly taýýar kod paketlerini ulanyp, öz blockchain sistemanyzy gurup bilersiňiz.

Eger bu ýazgyny halan bolsaňyz like basmagy we öz pikirleriňizi teswirlerde ýazmagy unutmaň!

Top comments (0)