DEV Community

Tm Programmer
Tm Programmer

Posted on

Näme üçin HTML öwrenmeli?

Näme üçin HTML öwrenmeli?

Programirleme — pikirlenmekdir, diňeje kod ýazmak däldir — Casey Patton

HTML — web saýt döretmek üçin dildir. HTML **→ **Hyper text markup language.

HTML geçmezden öň şulary bilmeli.

Eger web programirleme başlamaga karar beren bolsaňyz, şu 3sini bilmelisiňiz. HTML, CSS, Javascript. Adam bedeni bilen web saýt tehnologiýasyny deňeşdireli.

Html — web saýtdaky maglumatlary görkezmek üçin ulanylan bellik dilidir. Bu programirleme dili däldir. Maglumatlary etiketkalar bilen görkezip bilýär. Meselem şu wagt ýazýan hatlarym “paragraf” etiketkasydyr. Adam bedenindäki sünkler → web programirlemede html bolup durýar.

CSS — web saýtdaky elementleriň dizaýnydyr. Adamy owadanlaşdyrmak üçin oňa estetika bereris. Saçyny daramly, egin-eşik geýdirmeli. Web programirlemede dizaýn css bilen ýerine ýetirilýär. Css hem programirleme dili däldir.

Javascript — web saýtdaky işleri ýerine ýetirmek üçin ulanylýar programirleme dilidir. Adamyň süňkleri bar. We owadan edip dizaýn etdik. Emma adam hereket edip bilmeýär :( Ýagny ýöremeýär, tans etmeýär. Adamy tans etdirmek üçin hereketlendirmek gerek. Javascript hem bu işi ýerine ýetirýär. Ýagny web saýdaky işleri ýerine ýetirýär. Meselem: bir linkin (ssylkanyň) üstüne basanyňyzda kitabyň ýüklenmesi.

Html — web saýtdaky maglumatlary görkezmek üçin ulanylýandygyny öwrendik. Meselem: web saýta bir surat goýmak üçin şu etiketkasy ulanylýar.

Tekst goýmak üçin p etiketkasy ulanylýar.

Video goýmak üçin video etiketkasy ulanylýar.

Eger html ähli etiketkalary öwrenmek isleseňiz bu saýtdan öwrenip bilersiňiz → https://www.w3schools.com/html/

Näme üçin HTML öwrenmeli?

Eger web programmist bolmak isleýän bolsaňyz, HTML öwrenmelisiňiz. Çünki HTML maglumatlary görkezme we ulanyjydan hem maglumat almak üçin gerekdir. Aslynda web saýt düzmegiň başga ýollary hem bar. HTML öwrenmeseňiz hem bolýar (cross platform — flutter). Emma bu sistemada hem ýazylan kodlar ýene-de HTML-e öwrülýär. Ýagny ýene-de HTML öwrenmelisiňiz.

Latest comments (0)